Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Separatist Abhaziýanyň prezidenti aradan çykdy


Ýekşenbe güni Gürjüstanyň separatistik regiony bolan Abhaziýanyň prezidenti Sergeý Bagapş agyr keselden aradan çykdy.

Orsýetin häkimiýetleri 62 ýaşly Sergeý Bagapşyň Moskwanyň keselhanasynda öýkenine edilen operasiýadan soň kän wagt geçmän aradan çykandygyny mälim etdiler.

Sergeý Bagapş 2005-nji ýyldan bäri Abhaziýa regionyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Onuň ýolbaşçylygynda Abhaziýanyň hökümeti 2008-nji ýylda bu regionyň Gürjüstandan garaşsyzdygyny yglan edipdi.

Emma Gürjüstan 2008-nji ýylda öz garaşsyzlygyny yglan eden Abhaziýa bilen Günorta Osetiýany özüniň bölünmez territoriýasy diýip hasaplap gelýär.
XS
SM
MD
LG