Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidenti çagalara eýmenç atlary dakmazlyga çagyrdy


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon öz halkyny çagalara eýmenç atlary dakmazlyga çagyrdy.

Rahmonyň bellemegine görä, möjek we uruş sözlerinden gelip çykýan adam atlary ony tisgindirýär eken.

Prezident Rahmon ene-atalara Firdöwsiniň “Şanamasyny” okap, bu eserden öz çagalaryna at saýlap almagy maslahat berdi.

Arapçadan terjime edilende ady “mähirli” sözüni aňladýan Rahmonyň bellemegine görä, haçanda ol birini döwlet wezipesine bellände, onuň adyna hem “içgin üns” berýän eken.

Täjik prezidenti bu çykyşyny ýurduň telewideniýesi arkaly etdi.
XS
SM
MD
LG