Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geýts Owganystandan çykmaga howlugylmaz diýýär


Goranmak sekretary Robert Geýts Birleşen Ştatlaryň Owganystandan çykmagynda howlukmaçlyk bolmaz diýýär.

Geýts NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusseldäki ýygnagynda çykyp gürledi. NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen ýygnakdan soň guralan metbugat konferensiýasynda çykyş edip, amerikan goşunlarynyň iýulda Owganystandan çykarylyp başlanmagynyň ýurtdaky howpsuzlyga täsir ýetirmejegini aýtdy.

“Men Amerikan adminstrasiýasynyň ýurt içindäki howpsuzlyk ýagdaýyna laýyk gelýän karar kabul etjegini bilýärin. Bu kalendara görä däl, şertlere esaslanar” diýip, Rasmussen aýtdy. Şeýle-de ol ýaranlygyň howpsuzlygyň jogapkärçiligini owgan güýçlerine geçirmekde bellenen wagt çäginden çykylmajagyny belledi.
XS
SM
MD
LG