Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak tussaglary öz janlaryna kast etjek boldular


Gazagystanyň merkezi sebitindäki “Dolinka” türmesiniň sakçylary tarapyndan gazaply urlandygy aýdylýan iki sany tussag öz janyna kast etjekdigini aýdyp, haýbat atdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Wadim Kuramşiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, tussaglar Awdisalim Duýuşenbekow we Bahtyžan Kuzembaýew şenbe güni özlerini otlamak bilen haýbat atypdyrlar.

“Kuzembaýew türmede sorag edildi we şol ýerde sakçylar tarapyndan gazaply urlup-ýenjildi” diýip, Kuramşin aýtdy. “Ol medisina bölümine baranda, öz ýaralaryny resmi taýdan hasaba almaklaryny sorapdyr. Soňra ony türmede ýene-de sorag edipdirler we ýenjipdirler”.

Soňra Kuzembaýew bilen golaýda özi ýaly gazaply urlan dosty Duýuşenbekow jeza izolýatorynyň üçeginde özlerini otlamagy karar edipdirler. Olar Gazagystanyň türme sistemasyna gözegçilik edýän komitetinden komissiýa gelýänçä üçekden düşmändirler.

Komitetiň metbugat wekili Galymžan Husenow şeýle wakanyň bolandygyny Azatlyk Radiosyna tassyklady. Ol iki tussagyň hereketlerini “huligançylyk” diýip häsiýetlendirdi.

Husenow tussaglaryň jezalandyrylmandygyny we häzir barakdadygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG