Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ABŞ-nyň energiýa wekili bilen duşuşdy


Duşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapara baran Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň ýewro-aziýa energetika meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar bilen gepleşik geçirdi.

Gepleşikde taraplaryň türkmen-amerikan hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary, şol sanda, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada-da pikir alşandyklary habar berilýär.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi amerikan wekiliniň Türkmenistanyň energiýa sektoryndaky iri proýektlere Birleşen Ştatlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem gyzyklanmalarynyň artýandygyny belländigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG