Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusly aktiwistiň türmede gynalandygy aýdylýar


Penşenbe güni Belarusyň oppozision Ýaşlar fronty tussag edilen aktiwistiň türmede gynalandygyny habar berdi. Şol aktiwist 3,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ýaşlar frontunyň maglumatynda Mikita Lihawidiň geçen 40 günüň dowamynda dört gezek jeza izolýatorynda bolandygy aýdylýar.

Ýaşlar frontunyň beýannamasyna görä, Lihawid özüne garşy hökümi kabul etmekden ýüz öwürendigi üçin jeza izolýatoryna salnypdyr.

Lihawid oppozisiýadaky “Za swobody” hereketiniň agzasy. Ol geçen dekabrda oppozisiýanyň köpçülikleýin protestlerine gatnaşandygy üçin 30-njy martda tussag edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG