Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti Abadan hadysasynda adam ýitgisiniň bolandygyny boýun alýar


Wideo: Aşgabadyň 20 km. günbatarynda ýerleşýän Abadan şäherindäki harby ammarda emele gelen partlamalaryň ilkinji kadrlary “Fergana” neşirinde peýda boldy.

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Abadan şäheriniň golaýyndaky ammarda bolan ýangyn bilen bagly adatdan daşary ýagdaýyň netijelerini aradan aýyrmak üçin döredilen hökümet komissiýasynyň maslahaty boldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ýaýlym Berdiýewiň, komissiýa agzalarynyň, Abadan şäheriniň deputaty bolan Mejlisiň başlygynyň hökümet komissiýasynyň baştutanyna beren hasabatlarynda hadysanyň bolan ýerinde durmuş-ýaşaýyş sistemasyny dikeltmek, zelel ýeten binalary bejermek boýunça edilen işler barada habar berildi diýip, TDH habar berýär.

Şeýle-de TDH bu hadysa netijesinde iki harby gullukçynyň, 13 graždanyň wepat bolandygynyň, hadysanyň bolan ýerine golaý ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki binalara bölekleýin zyýan ýetendiginiň habar berlendigini ýazýar.

Türkmen hökümeti ilki adam ýitgileriniň bolandygyny ret edipdi. Garaşsyz çeşmeler bolsa ölen adamlaryň sanynyň 100-e golaýlan bolmagynyň, hatda ondan hem kän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Häzirlikçe bulary tassyklamak mümkin däl.

Habaryň dowamynda türkmen hökümetiniň partlamanyň yssy howa netijesinde, feýerwerkler ammarynda dörändigi baradaky ilkinji beýanaty gaýtalanýar we soňundan garaşsyz çeşmeleriň ýarag ammarynda ýangyn bolandygy baradaky habarlary bölekleýin tassyk edilýär.



TDH derňew feýerwerk ammarynda turan ýangyn netijesinde asmana atylan feýerwerkleriň golaýdaky ýarag amaryna baryp düşendigini, şeýdip ýangynyň söwet döwründen galan we hasapdan öçürilmäge degişli partlaýjy enjamlara we ok-därilere düşendigini anyklady diýip ýazýar.

Perzident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda Abadan hadysasynda wepat bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanç bildiripdir we ejir çekenlere maddy we beýleki zerur kömekleriň ediljegini aýdypdyr.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow ýurduň goranmak ministri B.Gündogdyýewe berk käýinç berip, onuň çinini polkownik derejesine aşak düşüripdir.

TDH prezidentiň bu hadysa bilen bagly harbylaryň ählisiniň jogapkärçilige çekilmegini, Abadan şäheriniň ýerinde bolsa, häzirki zaman talaplaryna laýyk täze şäheriň gurulmagyny tabşyrandygyny ýazýar.

Ýerli çeşmeleriň maglumatyna görä, Abadan şäherine golaý ýerleşýän obalaryň, paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylaryndan Abadan şäheriniň ilatyna azyk kömegi gelip gowuşýar, meýletinçiler dikeldiş işlerine goşant goşýarlar.

Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň 50 müňe golaý ilaty bolup, ol Türkmenistanyň senagat taýdan iň ösen şäherleriniň biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG