Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwa Timoşenkonyň tussag edilmegine alada bildirdi


Duşenbe güni ÝHHG guramasyna ýolbaşçylyk ediji Litwanyň daşary işler ministri Audronius Ažubalis Ukrainanyň daşary işler ministri Konstantin Grişenko bilen telefon gürrüňdeşliginde Ýuliýa Timoşenkonyň tussaglyga alynmagy bilen baglanyşykly waka öz aladasyny bildirdi.

Audronius Ažubalis Ýuliýa Timoşenkonyň işi bilen baglanyşykly sud prosesiniň açyk hem-de adalatly alnyp barylmagynyň möhümligini nygtady.

Geçen hepdäniň anna güni Kiýewiň sudy ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkony wagtlaýyn tussag astyna almak barada karar çykardy.

Timoşenko hökümete ýolbaşçylyk eden ýyllarynda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanylýar.
XS
SM
MD
LG