Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkuň fond biržalaryndaky ýagdaý kadalaşýar


9-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň fond biržalarynda, duşenbe güni ýüze çykan çökgünlik bilen deňeşdirilende, ýagdaý biraz gowulandy.

8-nji awgustda Nýu-Ýorkda esasy aksiýalaryň bahasy takmynan 5% pese gaçan bolsa, sişenbe güni “Dow Jones” indeksi 2% ýokarlandy.

Birleşen Ştatlaryň kredit ygtybarlylygynyň peseldilmegi sebäpli, dünýäniň beýleki künjeklerindäki fond biržalarynda esasy aksiýalaryň bahalarynyň pese düşmegi dowam etdi.

Maliýe bazarlaryndaky bu başagaýlyk geçen anna güni dünýäniň dürli ýurtlarynyň ykdysady ýagdaýyna baha berýän “Standard & Poor’s” agentligi tarapyndan Birleşen Ştatlaryň kredit derejesi pese düşürilensoň ýüze çykdy.

Italiýadaky we Ispaniýadaky maliýe kynçylyklary hem dünýäniň maliýe bazarlaryna ýaramaz täsirini ýetirip, gaýtadan ykdysady çökgünligiň emele gelmegi baradaky howatyrlanmalary artdyrýar.

8-nji awgustda Ýewropanyň Merkezi banky Italiýanyň we Ispaniýanyň milliardlarça ýewro barabar karz-borçlaryny satyn aldy.
XS
SM
MD
LG