Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli milliarder ýurdunyň ýewrony kabul etmelidigini aýdýar


Penşenbe güni orsýetli belli milliarder we “Prawoýe delo” partiýasynyň täze lideri Mihail Prohorow Orsýetiň ýewro pul birligini kabul etmelidigini aýdyp, çykyş etdi.

“Prawoe delo” partiýasynyň liderligine belleneli bäri ilkinji gezek geçiren bu metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda ol “Orsýet Ýewropa tarap, ýagny, Şengen zonasyna hem-de ýewro zonasyna birleşmeklige tarap aýgytly strategik ädimleri ätmeli” diýip nygtady.

Mihail Prohorow Orsýetiň şeýle ädiminiň onuň ykdysadyýetini ýokary göterjekdigini we Ýewropa ýurtlaryny-da batmak howpundan halas edip biljekdigini aýtdy.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň 50-siniň sanawyna girýän Mihail Prohorow ýakynda Orsýetiň “Prawoýe delo” atly oppozision partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG