Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-niň başlygy Ženewada gepleşik geçirýär


Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbarasy we daşary işler ministri Raşid Meredow 15-17 awgust aralygynda Ženewada we Kiýewde gepleşik geçirýär.

Türkmen metbugaty Meredowyň BMG-däki Ýewropa ykdysady komissiýasy we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri barada maslahatlaşmak, şeýle-de türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, türkmen prezidentiniň tabşyrygy esasynda, Ženewa hem Kiýew şäherlerine sapar edýändigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG