Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuşenko ozalky premýer Timoşenko garşy görkezme berdi


Şu gün Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýuşenko Ýuliýa Timoşenko garşy bildirilýän aýyplamalar boýunça sudda şaýatlyk görkezmesini berdi.

Kiýewiň sudy Ýuliýa Timoşenko hökümet ýolbaşçysy bolup işlän döwründe wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplama bildirýär.

Hususan-da, oňa 2009-njy ýylda Orsýet bilen gaz söwdasy baradaky ylalaşyga gol çekende, Ukraina üçin gazyň gymmat satyn alynmagyna sebäp bolanlykda aýyplama bildirilýär.

Wiktor Ýuşenko öz görkezmesinde Ýuliýa Timoşenkonyň hakykatdanam örän gymmat gaz söwdasynyň baglaşylmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Bu iş boýunça günäli tapylan halatynda, oppozisiýa lideri, 50 ýaşly Ýuliýa Timoşenko 10 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Timoşenkonyň özi bu aýyplamany syýasy matlaba esaslanýan aýyplama diýip hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG