Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň öňki prezidenti Ýuşenko ozalky premýer Timoşenko garşy görkezme berdi


Ýuşenko öňki premýer Timoşenko garşy görkezme berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:40 0:00


Çarşenbe güni Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýuşenko ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko garşy bildirilýän aýyplamalar boýunça şaýatlyk görkezmesini bermek üçin Kiýewiň suduna baranda, Timoşenkonyň tarapdarlary ony «utanç!», «utanç!» diýen sözler bilen garşy aldylar.

Ukrainanyň sudy Ýuliýa Timoşenko hökümet ýolbaşçysy bolup işlän döwründe wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplama bildirýär. Hususan-da, ol 2009-njy ýylda Orsýet bilen gaz söwdasy baradaky ylalaşyga gol çekende, Ukraina üçin gazyň gymmat satyn alynmagyna sebäp bolanlykda günäkärlenýär.

Bu aýyplama boýunça günäli tapylan halatynda, 50 ýaşly oppozisiýa lideri Ýuliýa Timoşenko 10 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmek howpy bar. Timoşenkonyň özi bu bildirilýän aýyplamany syýasy matlaba esaslanýan aýyplama diýip hasaplaýar.

Görkezme berdi

Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýuşenko (sagda) ýurduň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko Kiýewde, 2010-njy ýylyň 29-njy ýanwary.
Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýuşenko çarşenbe güni Kiýewiň sudunda beren şaýatlyk görkezmesinde 2009-njy ýylda gol çekilen şol ylalaşygyň amatsyz bolup görnendigini, emma Timoşenkonyň ol ylalaşyga gol çekmeginiň öňüni almak üçin özünde ygtyýarlygyň bolmandygyny aýtdy.

Şeýle hem, ol başda Orsýetiň gaz üçin has amatly bahany teklip edendigini, emma Ýuliýa Timoşenkonyň şol amatly bahadan ýüz öwrüp, birneme soňra-da gazyň has gymmat bahasyna gol çekmäge mejbur bolandygyny mälim etdi.

Ýuşenko bilen Timoşenko 2004-nji ýylyň «Mämişi» rewolýusiýasynda syýasy egindeşler hökmünde bilelikde iş alyp barypdylar. Şonda dawaly geçen prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly gurnalan protest demonstrasiýalarynyň netijesinde Wiktor Ýanukowiç özüniň «gazandym» diýen ýeňşinden el çekmeli bolupdy. Netijede-de, häkimiýet başyna Ýuşenko gelipdi.

2005-2010-njy ýyllar aralygynda Ýuliýa Timoşenko Wiktor Ýuşenkonyň ýolbaşçylygy astynda iki gezek premýer-ministriň wezipesinde işledi. Emma şol döwürde-de olaryň arasyna tow düşdi. Käbir synçylar olaryň arasyndaky şol dawalaryň hem ahyrky netijede Wiktor Ýanukowiçiň döwlet başyna gelmegine sebäp bolandygyny aýdýarlar.

2010-njy ýylda geçen soňky prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýuşenko bilen Ýuliýa Timoşenkonyň ikisem Wiktor Ýanukowiç bilen bäsleşipdiler. Emma olaryň ikisem saýlawçylaryň köpçüliginiň goldawyny gazanyp bilmediler.

Basyş hökmünde häsiýetlendirilýär

Ýuliýa Timoşenkonyň köp tarapdarlary oňa garşy alnyp barylýan häzirki sud prosesini ýurduň häzirki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Ýuliýa Timoşenkonyň syýasy işlerini çäklendirmek maksady bilen oňa görkezýän basyşy hökmünde häsiýetlendirýärler.

5-nji awgustda Kiýewiň sudy Ýuliýa Timoşenkony wagtlaýyn izolýatorda saklamak barada karar çykarypdy. Şondan bäri Timoşenko wagtlaýyn tussaglykda bolmagynda galýar.

Timoşenkonyň tarapdarlary we garşydaşlary
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:38 0:00


Ýuliýa Timoşenkonyň ýerli tarapdarlaryndan biri Swetlana Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Timoşenkonyň azatlykdan mahrum edilen halatynda, muny öz azatlygynyň elinden alynmasy hökmünde kabul etjekdigini aýtdy.

“Men bu suda her gün gelýärin. Men bu suda özüm üçin gelýärin. Eger Timoşenko tussaglyga höküm edilse, bu biziň hemmämiziň tussag ediljegimizi aňladýar. Olar gelip, maňa-da, hany, geýin-de, türmä tarap ugra diýerler. Men bu ýere azatlyk üçin, öz şahsy azatlygym üçin gelýärin” diýip, Timoşenkony goldaýjy Swetlana nygtady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Ýuliýa Timoşenko garşy alnyp barylýan bu sud prosesini oppozisiýa liderine garşy alnyp barylýan syýasy matlaply çärä meňzedip, bu prosesi tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG