Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda mediany ösdürmek boýunça maslahat açyldy


Anna güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda GDA we Ýewropa ýurtlarynda habar serişdeleriniň işini ösdürmek boýunça bar bolan tejribeleri öwrenmek meselesine bagyşlanylyp ýörite “Tegelek stol” maslahaty açyldy.

Maslahata media ugrundan käbir daşary ýurtly spesialistler bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň, käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, köpçülikleýin habar serişdeleriniň, şeýle hem Britaniýanyň we Germaniýanyň ilçihanalarynyň wekilleri-de gatnaşdylar.

Onda dürli media serişdeleriniň jemgyýetdäki roly, neşir we elektron media serişdelerini kanunçylyk taýdan sazlaşdyryş mehanizmleri, şeýle hem köpçülikleýin habar serişdeleriniň işi boýunça halkara hyzmatdaşlyklary ýaly meselelere garaldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde käbir daşary ýurtly spesialistler, şol sanda BBC media korporasiýasynyň Dünýä gullugynyň konsultanty Marek Bekerman we ÝUNESKO-nyň kommunikasiýa hem-de maglumat Býurosynyň maslahatçysy Marius Lukoşýunas dagylar hem boldy.

Bu maslahat şenbe güni hem dowam etdi.

Metbugat azatlygy boýunça halkara guramalary Türkmenistanda söz we metbugat azatlygynyň berk gysylýandygyny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG