Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanly žurnalist Usmonow türmede gynalypdyr


BBC media kompaniýasynyň habarçysy Urunboý Usmonowyň aklawçysy öz müşderisiniň iýun aýynda tussag edilen mahaly türmede gynalandygyny mälim etdi.

Aklawçy türmede Usmonowyň urlup-ýenjilendigini, türme gullukçylarynyň onuň tenine çilim basyp, ony gynandyklaryny aýtdy.

Häzir Täjigistanyň Hudjant şäherinde Usmonowa garşy sud prosesi geçirilýär.

Iýun aýynda BBC-niň habarçysy Urunboý Usmonow gadagan edilen “Hizb-ut-Tahrir” guramasyna agza bolanlykda aýyplanylyp, tussag edilipdi. 14-nji iýulda bolsa ol girew esasynda azatlyga goýberildi.

Usmonowyň kärdeşleri oňa bildirilýän aýyplamalaryň ýalňyşlykdygyny öňe sürýärler.

Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we adam hukuklary boýunça halkara guramalaryň ençemesi žurnalistiň ykbaly barada alada bildirdiler.

BBC kompaniýasy bolsa Usmonowyň žurnalistik işiniň çäginde “Hizb-ut-Tahrir” guramasynyň agzalary bilen duşuşandygyny aýdyp, oňa bildirilýän aýyplamalary “söz azatlygyna abanýan howp” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG