Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Adam hukuklary geňeşinde Siriýa garaldy


BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Siriýadaky ýagadaýlara bagyşlap geçiren maslahatynda geňeşiň 24-e golaý agzasy, şol sanda Kuweýt, Iordaniýa, Katar, Saud Arabystany ýaly ýurtlar Siriýadaky repressiýalary ýazgarýan rezolýusiýanyň proýektini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu dokumentde Siriýada adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly derňew geçirmek üçin halkara komissiýasynyň döredilmegi teklip edilýär.

Häzir Damaska BMG-niň ynsanperwerlik missiýasy bardy. Bu topar ýarym ýyl bäri protestleri başdan geçirýän Siriýadaky ýagdaýlara baha bermeli.

21-nji awgustda eden çykyşynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad wezipesini terk etmek baradaky Günbataryň çagyryşyny ret edip, özüniň reformalaryň geçirilmeginiň tarapdarydygyny aýtdy.

Hukuk goraýjy aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, Siriýada häzire çenli geçirilen protestleriň dowamynda 2,200-e golaý adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG