Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Molotow-Ribbentrop” paktyna gol çekilmegine 72 ýyl doldy


“Molotow-Ribbentrop” paktyna gol çekilmeginiň 72 ýyllygyna gabatlap, Ýewropa ýurtlarynyň resmi wekilleri stalinizmiň we nasizmiň pilalarynyň ýadygärligini hormatlamak üçin Warşawa ýygnandylar.

Ýewropaly syýasatçylar “Warşawa deklarasiýasyna” gol çekip, totalitar režimleriň pidalarynyň çeken jebirlerini hiç haçan unutmazlyga söz berdiler.

2008-nji ýylda Ýewropa parlamenti 23-nji awgusty stalinizmiň we nasizmiň pidalarynyň hatyra güni diýip yglan etmek barada karar kabul edipdi.

“Molotow-Ribbentrop” pakty we oňa goşmaça girizilen protokol Gündogar Ýewropada sowet we german täsir zolaklarynyň çäklerini kesgitläpdi.

Şondan soň, 1939-njy ýylda german we sowet goşunlary Polşa giripdi, onuň yzyndan sowet goşunlary Latwiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň territoriýasyny eýeläpdi.
XS
SM
MD
LG