Demokratik reformalary talap edip, şu ýylyň 2-nji aprelinde äzeri paýtagtynda geçirilen rugsatsyz mitinge gatnaşan alty oppozisiýa aktiwistine Bakuwda sud höküm çykardy.
Oppozisionerler jemgyýetçilik tertibini bozmakda, kişiniň emlägine zeper ýetirmekde günäli bilnip, bir ýarymdan üç ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildiler.
Sud jogapkärçiligine çekilenleriň dördüsi “Halk fronty” partiýasynyň, biri “Musawat” partiýasynyň agzasy, ýene biri-de partiýada durmaýan aktiwist bolup, olaryň ählisi bildirilýän günäni ret etdiler.
Olar aksiýa wagty bidüzgünçiligi prowakatorlaryň gurnandygyny aýtdylar.