Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda öldürilen häkimiň ogly ogurlandy


Pakistanyň Lahor şäherinde Penjap welaýatynyň ozalky häkimi Salman Tasiriň ogly ogurlandy. Salman Tasir şu ýylyň ýanwarynda öldürilipdi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna laýyklykda, dört sany adam Şahbaz Tasiriň barýan ulagyny duruzyp, ony başga maşyna geçirip äkidipdirler.

“Deslapky maglumata görä, SalmanTasiriň ogly ogurlandy. Ogrular Land Krýuzer ulagynda ekenler” diýip, Lahor polisiýasynyň derňew edarasynyň başlygy Abdul Razzak aýtdy.

Henize çenli bu wakanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Ogurlananyň dogany – Şerýar Tasiriň žurnalistlere aýtmagyna görä, “Talyban” hem beýleki ekstremistler olaryň maşgalasyna haýbat atypdyrlar.

Penjabyň häkimi Salman Tasiri onuň öz janpenasy atyp öldüripdi. Muňa Salman Tasiriň dine dil ýetirmezlik baradaky kanuna üýtgeşmeleri girizmek teklibini öňe sürmegi sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG