Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alymy öldüren eýranly ölüm jezasyna höküm edildi


Eýranly ýadro alymy Masud Ali Muhammedi öldürenlikde aýyplanan Mejit Jamali Faşi iň ýokary jeza – ölüm jezasyna höküm edildi. Bu barada IRNA habar gullugy Eýranyň baş prokuroryna salgylanyp, maglumat berdi.

Alym Masud Ali Muhammedi geçen ýylyň ýanwarynda öýüniň golaýynda bolan partlamada ölüpdi. Eýranyň häkimiýetleri lomaý pul alan Mejit Jamali Faşiniň Ysraýylyň aňtaw gullugy “Mossadyň” tabşyrygy boýunça hereket edendigini aýdýarlar.

Sud bir hepdeden az wagt dowam edipdir. Faşi 20 günüň içinde suduň hökümine garşy arz edip bilýär.
XS
SM
MD
LG