Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Türkiýeden resmi ötünç soramakçy däl


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu geçen ýylyň maý aýynda Gaza sektoryna gabawy böwüsmek islän gämä ysraýyl harbylarynyň hüjümi wagty 9 türk graždanynyň ölümi üçin öz ýurdunyň ötünç soramaly däldigini aýtdy.

Türkiýe bilen gatnaşyklarda dartgynlylyk döräli bäri ilkinji gezek eden açyk çykyşynda Netanýahu aradaky oňşuksyzlygy aýyrmagyň iki ýurda başartjakdygyna ynam bildirdi.

Türkiýe türk graždanlarynyň ölümi üçin Ysraýylyň resmi ötünç soramagyna aýak direýär we Gaza sektoryna Ysraýylyň girizen gabawynyň kanunydygyny ykrar etmeýär.

Mundan öň bu wakany derňän BMG-niň ýörite komissiýasy operasiýa wagty Ysraýylyň gereginden artyk güýç ulanandygyny we Gaza sektorynyň gabawynyň kanunydygyny belläpdi.
XS
SM
MD
LG