Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Gaza gitjek türk gämileriniň goraljakdygyny aýtdy


Penşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan indi Türkiýeden Palestinanyň Gaza Sektoryna gitjek gumanitar gämileriň Türkiýäniň harby gämileri tarapyndan goraljakdygyny aýdyp çykyş etdi.

“Al-Jezeera” telekanalyna bu barada beren intewýusynda ol şeýle gumanitar gämilere indi hiç kimiň hüjüm edip bilmejekdigini nygtady.

Geçen ýylyň maý aýynda Türkiýeden Gaza Sektoryna barýan gumanitar gämä Ysraýylyň güýçleriniň geçiren reýdinde Türkiýäniň dokuz raýaty öldürilipdi.

Şol bolan waka bilen baglanyşykly ýüze çykan özara dawalar netijesinde geçen hepde Türkiýe Ysraýylyň Ankaradaky ilçisini yzyna ugratdy we Ysraýyl bilen harby hem-de söwda hyzmatdaşlyklaryny togtatdy.
XS
SM
MD
LG