Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýadaky hukuk bozulmalary derňemäge adam belleýär


BMG-niň Adam hukuklary geňeşi üç sany eksperte Siriýadaky hukuk bozulmalaryny derňemegi tabşyrdy.

47 agzaly Ženewa forumy derňewçileriň zorluk faktlaryny we ýagdaýlaryny esaslandyrmagyny hem-de, hasap sorar ýaly, jogapkärleri belli etmegini tabşyrdy.

BMG-niň adam hukuklary geňeşiniň başlygy Neýwi Pilleý düýn irden Siriýada mart aýynda başlanan halk gozgalaňlary netijesinde azyndan 2600 adamyň öldürilendigini aýtdy.

Bu wakalaryň fonunda Orsýet günbatar ýurtlarynyň prezident Başar al-Asadyň režimine protestçileri basyp ýatyrany üçin has köp basyş etmek baradaky çagyryşlaryna garşy çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG