Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netbugyň ady okuwçylaryňky


Prezidentiň birinji klasa barjak okuwça söz beren personal kompýuteri berilse-de, ýokary derejeli bilim emeldarlarynyň buýrugy bilen çagalara berlen netbuklar her mekdebiň özünde saklanmaly edildi.
Prezidentiň birinji klasa barjak okuwça söz beren personal kompýuteri berilse-de, ýokary derejeli bilim emeldarlarynyň buýrugy bilen çagalara berlen netbuklar her mekdebiň özünde saklanmaly edildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl birinji klasa gadam basjak okuwçylara personal kompýuter bermek hakynda tabşyryk berenden soňra, türkmen mediasy şu maksat üçin döwlet býujetinden 25 million amerikan dollaryndan gowrak puluň goýberilip, 100 müňe ýakyn birinji klasa barjak çagalaryň her birine netbuklaryň beriljekdigini habar beripdi.

Dogrudanam, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda, täze okuw ýyly başlananda, heniz hiç zada düşünmeýän, birinji klasa gelen körpelere prezidente wepaly bolmak hakynda kasam aýtdyrylyp, olaryň her birine netbuk gowşuryldy. Emma ikinji sagat sapak başlanda eýýäm berlen netbuklar körpeleriň elinden alnyp ýygnaldy, mahlasy, şol gün Türkmenistanda ýekeje birinji klas okuwçysy-da öýlerine netbukly gelmedi.

Prezidentiň birinji klasa barjak okuwça söz beren personal kompýuteri berilse-de, ýokary derejeli bilim emeldarlarynyň buýrugy bilen çagalara berlen netbuklar her mekdebiň özünde saklanmaly edilipdir. Okuwyň birinji ongünlüginde her gün okuw başlananda netbuklar çagalara paýlanyp, mugallymyň gözegçiliginde, sapak tamamlanandan soňra netbuklar yzyna ýygnalýar.

Emma arakesmede her bir okuwçynyň oturýan partasynda goýlan netbuklaryň käbiri çagalaryň itekleşýänindenmi ýa okuwçylaryň entek jogapkärçiligi duýmaýanlygyndanmy, garaz, ýere gaçyp, şikes tapypdyr. Şonuň üçin indi 1-nji klas okuwçylarynyň birinji sagady başlananda olara netbuk paýlanyp, şol sapagyň soňunda hem ol yzyna ýygnalyp başlanypdyr.

Ýöne birinji klasy okadýan mugallymlaryň, mekdep ýolbaşçylarynyň käbiriniň aýtmagyna görä, netbuklaryň mekdepde saklanmaly edilmegi birnäçe goşmaça kynçylyklary döredipdir. Ilki bilen netbuklary nirede saklamaly, häzirlikçe köp mekdeplerde ýokdan bar edilip, birinji klasyň netbugyny saklamak üçin her mekdepde bir kabinet döredipdirler. Emma netbuk saklanýan ýörite seýf edinilmese, kompýuterleri boş kabinetde saklap bolmajakdygy köre hasa.

Pul soralýar

Şol sebäpli häzir birinji klasa gadam basyp, netbuk alan çagalaryň ene-atasyndan klasa berlen kompýuterleri saklamak üçin seýf ýasamaga 20 manat pul ýygnalyp, häzirki günlerimizde gyssagly ýagdaýda mekdeplerde netbuk saklamak üçin seýf ýasadylýar. Mundan daşary hem her ene-ata çagalaryna berlen netbuklaryň belli bolmagy hem howpsuz seýfde saklanmagy üçin, kompýuter saklar ýaly sumka almak maslahat berlipdir. Güýji ýetýän ene-atalar 40-45 manat berip, çagalarynyň mekdepdäki netbuklary üçin sumka alandyklaryny gürrüň berdiler.

Çagalaryň netbuklary mekdepde saklansa-da, mekdep ýolbaşçylary ene-atalar bilen ýygnak geçirip, eger çagalar netbugy döwäýseler, ene-atalaryň ussa pul berip, netbugy bejertmeli boljakdyklaryny-da aýdypdyrlar. Umuman, prezident tarapyndan birinji klasa okuwa baranlara söz berlen, personal netbuk, çagalaryň öýüne berilmedigem bolsa, ene-atalara uly çykdajy boljak. Köp ene-atalaryň närazydygyna garamazdan, netbuklaryň mekdepde goýulmagy bilen ylalaşylaýanda hem çagalara netbuk öwredilmäniň aladasy edilmelidir. Emma mugallymlaryň uly böleginiň kompýuter hakynda düşünjeleriniň ýokdugy, hatda birinji klaslara kompýuter sapagyny girizäýeniňde hem çagalaryň netbugy öwrenip biljekdigine şübhe döredýär.

Şol sebäpli okuwçylara berlen netbugy öwretmek üçin şert döredilmezden, birinji klaslylara netbuk berilmegi oňlanylsa-da, haýran galdyryjydyr. Ýöne hiçden giç ýagşy edip, gyssagly ýagdaýda birinji klasy okadýan mugallymlara täze ýyla çenli döwletiň hasabyna kompýuter öwretmeli. Täze ýyldan bolsa birinji klasdan “Ruhnama” sapagyny aýryp, “Kompýuter” sapagy girizilse, okuwçylar okuwyň soňuna çenli iň bolmanda, netbugy özbaşdak açyp-ýapmagy bilerdiler. Garaz, birinji klas okuwçylarynda personal netbuk bolmasa-da, olarda netbugyň eýesi diýen at bar, indi bilim emeldarlary kompýuter berlen çagalara ony öwretmegiň aladasyny etseler, ene-atalar çagalarynyň netbuklarynyň mekdepde goýulýanlygyndan närazy hem bolmazdylar. Şonuň üçin bu haýyrly işiň aladasy şu günden edilip başlanmalydyr.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG