Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň prezidenti Gül Germaniýa sapar edýär


Germaniýa sapar edýän Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül 19-njy sentýabrda Berliniň Gumbolt adyndaky uniwersitetinde öňünden planlaşdyrylan çykyşyny wagtlaýyn ýatyrmaly boldy. Muňa uniwersitetiň binasynda bomba goýlandygy barada näbelli adamyň telefon arkaly beren maglumaty sebäp boldy.

Şeýle hem 19-njy sentýabrda birnäçe ýüz kürt milletliler bu uniwersitetiň golaýynda protest çäresini geçirip, Türkiýede tussaglykda saklanýan “Kürt isçiler partiýasynyň” ýolbaşçysy Abdullah Öjalanyň azat edilmegini talap etdiler.

Bu saparynyň dowamynda Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi. Duşuşykdan soňky geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Gül Türkiýäniň ÝB-niň ösmegine uly goşant goşup biljekdigini nygtady.

20-nji sentýabrda Abdullah Gül Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen duşuşyp, gepleşik geçirer.
XS
SM
MD
LG