Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan erkin däl ykdysadyýetleriň hatarynda


Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “The Heritage Foundation” strategiki ylmy-barlag institutynyň we “The Wall Street journal” atly işewürlere niýetlenen gündelik neşiriň 2011-nji ýyl boýunça ykdysady erkinlik indeksi barada bilelikde taýýarlan hasabatynda Türkmenistana berlen bahanyň geçen ýylkydan ýokary bolandygyna garamazdan, Türkmenistan Ukraina, Belarus, Özbegistan, Demirgazyk Koreýa, Eritreýa ýaly ýurtlar bilen bir hatarda düýpden erkin däl döwletleriň sanawyna goşuldy.

Bu hasabat dünýäniň 179 ýurduny öz içine alýar. Onda ýurtdaky ykdysady erkinligi kesgitlemek üçin, 10 dereje boýunça barlag geçirildi.

Bu hasabaty düzmek üçin, ýurtlarda söwda etmegiň şertleri, telekeçilige degişli, inwestisiýa döredilýän mümkinçilikler, zähmet bazarlary, korrupsiýanyň ýagdaýy, maliýe-kredit sistemasynyň işleýşi ýaly meseleler boýunça maglumatlar toplanyp, öwrenilýär.

Hasabatda Türkmenistan bilen bagly berlen maglumatlarda ýurtda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny dolandyrmak üçin ulanylýan usullaryň aç-açan däldigi, raýatlaryň emläk hukugynyň kepillendirilmeýändigi, korrupsiýanyň giňden ýaýrandygy bellenilýär.

Şeýle hem Türkmenistanda işsizlik derejesiniň ýokary bolmagy bilen bir hatarda raýatlaryň zähmet şertleriniň agyrdygy aýdylýar. Ýurtda hususy pudagyň ösmeginiň çäklendirilýändigi bellenilýär.

Şol bir wagtda-da, harytlaryň nyrhyna hökümet tarapyndan gözegçilik edilmegi, kommunal hyzmatlaryň mugt bolmagy hususy pudagyň ösmegini bökdeýär diýlip, hasabatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG