Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan häkimiýetleriniň jeňçiler bilen baglanyşygy bar diýilýär


Birleşen Ştatlaryň harby edaralarynyň ýolbaşçylary Pakistanyň häkimiýetleriniň Owganystandaky jeňçiler bilen baglanyşygynyň bardygyny aýdýarlar. Bu barada geljek hepde ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine degişli ştab başlyklarynyň birleşen komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden çekilýän admiral Maýk Mallen 22-nji sentýabrda Senatyň komitetinde eden çykyşynda aýtdy.

Admiral Pakistanyň aňtaw gullugynyň goldawy bilen Owganystandaky "Hakganynyň toparynyň" 10-njy sentýabrda Kabulda ýerleşýän amerikan ilçihanasyna hüjüm edendigini aýtdy. Bu wakada 7 owganly heläk bolup, 77 amerikan esgeri ýaralanypdy.

Maýk Mallen "Pakistanyň häkimiýetleri "ektremizmi syýasatyň guraly hökmünde ulanýar" hem "zorlugy" eksport edip, Owganystandaky söweşiň netijesini howp astynda goýýar" diýdi.

Senatyň komissiýasynda çykyş eden ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta hem Yslamabadyň pitneçiler bilen baglanyşygyny ýazgaryp, Pakistanyň territoriýasyndan Owganystana ekstremistleriň hüjümleriniň dowam etmegini Waşingtonyň kabul edip bilmejekdigini aýtdy.

Panetta bu barada ýakynda ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň täze direktory Deýwid Petreusyň Pakistanyň aňtaw gulluklaryna duýduryş berendigini hem aýtdy.
XS
SM
MD
LG