Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa güýçleri Kaddafiniň dogduk şäheri ugrunda söweşýär


Liwiýanyň geçiş geňeşiniň güýçleri Muammar Kaddafiniň dogduk şäheri Sirt ugrunda söweşýär.

Habarlara görä, Milli geçiş geňeşine ygrarly söweşijiler Ortaýer deňziniň kenaryndaky port şäheriň merkezine süýşenlerinde mergenleriň okuna duçar boldular.

NATO öz uçarlarynyň Sirt şäherinde soňky 24 sagatda bir topar nyşanyny, şol sanda ok-ýarag ammaryny we uçara garşy ýaragy urandygyny aýtdy.

Kaddafiniň sözçüsi NATO-ny Sirte uran zarbalary bilen ýüzlerçe graždan adamy öldürmekde aýyplady.

“Roýter” Geçiş güýçleriniň strategiki taýdan möhüm derweze bolan gündogar derwezäni eýeländiklerini, onuň şäherden 50 km uzaklykda ýerleşýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG