Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam öldürmeleriň sany Merkezi Amerikada, Afrikada has ýokary


Adam öldürmeleriň sany Merkezi Amerika we Afrika ýurtlarynda has ýokary. Bu maglumatlar BMG-niň neşe, jenaýatçylyk boýunça edarasynyň hasabatynda getirilýär. Edara dünýäde ilkinji bolup adam öldürmeleriň düýpli derňewini tamamlady.

Guramanyň maglumatyna görä, geçen ýyl dünýä boýunça ýarym million adam öldürilip, şol jenaýatlaryň 36%-i Afrika ýurtlarynda, 31%-i Günorta, Merkezi we Demirgazyk Amerika ýurtlarynda edilipdir. Ýewropanyň paýy 5%-den geçmeýär.

Adam öldürmeler günbatar ýurtlarynda we Aziýada kemelýär, ýöne ol şol bir wagtda Karib regionynyň ýurtlarynda iň ýokary derejä ýetdi.

Tutuş dünýä boýunça her 100 müň adama 6,9 adam öldürme düşýär. Öldürilýänleriň 80%-i erkekler, maşgaladaky zorluklaryň esasy pidalary aýallardyr.
XS
SM
MD
LG