Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýaly kürtler öldürilen oppozisiýa agzalarynyň ýasyny tutýar


Ýüzlerçe kürt Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Gamyşly şäherinde altynjy gün howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilen bäş kürti jaýlamaga ýygnandy.

Siriýaly hukuk aktiwisti Mustafa Osso ýekşenbe güni Gamyşlynyň esasy meýdançasyna ýüzden gowrak howpsuzlyk esgeriniň getirilip ýerleşdirilendigini aýtdy.

Ol bäş adam kürt oppozisiýa lideri Maşal Tammony jaýlamaga gatnaşýan mahaly, howpsuzlyk güýçleri gölegçileri oka tutanda wepat boldy. Tammo anna güni öldürilipdi.

Şenbe güni Gamyşlyda ony jaýlamaga 50 müňe golaý adam ýygnandy. Bu Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky kürt sebitinde prezident Başar al-Assadyň režimne garşy protestler başlaly bäri bolan iň uly oppozision ýyganyşyk boldy.

German polisiýasy otuza golaý kürk protestçisiniň Berlinde Siriýanyň ilçihinasynyň öňünde Gamyşlyda şenbe güni bolan zorluk üçin protest bildirendigini we olaryň häkimiýetleriň haýyşy esasynda parahatçylyk bilen dargandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG