Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internetde Türkmenistanyň prezidentiniň wirtual muzeýi açylar


“Türkmenistan.ru” internet gazetiniň maglumatyna görä, ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň prezidentiniň wirtual muzeýi açylar. Onda döwrebap tehnologiýanyň üsti bilen Türkmenistanyň sungatynyň wirtual galareýasy ýerleşdirler.

“Türkmenistan.ru” internet gazetiniň ýazmagyna görä, bu başlangyjy Merkezi Aziýanyň ylmy barlaglar maglumat merkezi goldapdyr.

“Türkmenistan.ru” saýtynyň bellemegine laýyklykda, Prezident muzeýiniň döredilmegini “Google” kompaniýasy hem goldapdyr.

Bu maglumata görä, kompaniýanyň wise-prezidenti Winton Serf: “Günbatara köp wagtyň dowamynda yslam medeniýetiniň ajaýyplygyna ýol ýokdy. Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň sungatynyň wirtual galareýasyny döretmek baradaky inisiatiwasy bu mesele boýunça kynçylyklary aradan aýyrmaga mümkinçilik berer” diýip belläpdir.
XS
SM
MD
LG