Düýn ABŞ-nyň Maliýe ministrligi Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisiniň janyna kast etmek planyna gatnaşygy bar diýlip hasaplanýan, saýlantgy goşun bölümleriniň agzalaryny gatnadan eýran awiakompaniýasyna sanksiýa girizdi.
Amerikan maliýe edarasynyň maglumatyna görä, “Mahan Air” awiakompaniýasy Liwanyň Hezbolla toparynyň we Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň operatiw işgärlerini Ýakyn Gündogar boýunça gatnadypdyr.
Düýn, şeýle-de, dildüwşüge gatnaşygy bolan ýene bäş adamyň garşysyna sanksiýalar girizildi.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Saud Arabystanynyň ilçisiniň janyna kast etmäge synanyşyk meselesini düýn Saud Arabystanynyň patyşasy Abdylla bilen telefon arkaly maslahatlaşdy.
Eýran häkimiýetleri bu bildirilýän aýyplamany “ABŞ-nyň içindäki problemalardan ünsi sowmagy maksat edinýän amerikan propagandasy” diýip atlandyrdy.