Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Garaşsyzlygyň hronologiýasy


1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry – Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny yglan etdi.

1991-nji ýylyň 21-nji dekabry – Türkmenistan resmi suratda GDA-nyň düzümine girdi.

1992-nji ýylyň 19-njy fewraly – Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň görnüşi ykrar edildi.

1992-nji ýylyň 18-nji maýy – Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Konstitusiýasy kabul edildi.

1992-nji ýylyň 21-nji iýuny – Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary geçirildi we onda ýeke-täk kandidat bolan Saparmyrat Nyýazow saýlawçylaryň 99,5 % sesini aldy diýlip, yglan edildi.

1992-nji ýylyň iýuly – Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri Abdy Kulyýew oppozisiýa geçýänligini yglan etdi.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabry – Türkmen manady milli pul birligi hökmünde dolanyşyga girizildi.

1994-nji ýylyň 15-nji ýanwary – S.Nyýazowyň prezidentlik möhletini 2002-nji ýyla çenli uzaltmak boýunça referendum geçirildi. Resmi maglumata görä, saýlawçylaryň 99,9 %-i bu teklibi goldady.

1995-nji ýylyň 12-nji iýuly – Aşgabatda hökümete garşy ilkinji protest demonstrasiýasy geçirildi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry – BMG Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusyny resmi taýdan ykrar etdi.

1996-njy ýyl – Tejen-Saragt-Maşat demirýoly açyldy.

1997-nji ýyl – Türkmenistanyň Birleşen Demokratik Oppozisiýasy döredildi we onuň baştutanlygyna Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri Abdy Kulyýew saýlanyldy.

1998-nji ýylyň apreli – Prezident S.Nyýazow ABŞ-a ilkinji resmi saparyna başlady.

Bu saparyň öňüsyrasy: Aşgabada baran Türkmenistanyň Birleşen Demokratik Oppozisiýasynyň lideri Abdy Kulyýew tussag edildi, birnäçe günden soňra, Nyýazowyň görkezmesi bilen boşadyldy.

1999-njy ýyl – Türkmenistanda diktatura gutarnykly ornaşdy we Saparmyrat Nyýazow ömürlik prezident diýlip atlandyrylyp başlandy.

2000-nji ýyl – S.Nyýazow 70 ýaşda häkimiýet başyndan gitjekdigini söz berdi. Şol ýyl Nyýazow Garagum çölündäki “Altyn Asyr” türkmen kölüniň proýektini jar etdi.

2001-nji ýylyň sentýabry – S.Nyýazowyň ”Ruhnama” kitaby çap edildi.

2001-nji ýyl – S.Nyýazow ýurtda Opera we Balet teatryny resmi suratda gadagan etdi.

2002-nji ýylyň mart aýy: Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Muhammet Nazarow we ýokary derejeli howpsuzlyk resmileriniň ençemesi wezipelerinden boşadyldy. Soňra olar uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildiler.

2002-nji ýylyň awgusty – S.Nyýazow aýlaryň adyny üýtgedip, aýlara öz adyny, ejesiniň adyny, ”Ruhnama” kitabynyň we käbir milli taryhy şahsyýetleriň adyny dakdy.

Şol ýylyň 25-nji noýabry – “Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk” diýlip atlandyrylan waka boldy we şunuň bilen baglanyşykly birnäçe ýüz adam tussag edildi.

2003-nji ýyl – S.Nyýazow iki graždanlyk boýunça Orsýet bilen 1993-nji ýylda baglaşylan ylalaşygy birtaraplaýyn häsiýetde ýatyrdy.

2004-nji ýyl – Türkmenistanda döwlet gullukçylaryna altyn diş goýdurmak gadagan edildi.

2004-nji ýylyň aprel aýy – Nyýazow Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Poron Berdiýewi wezipesinden boşatdy. Soňra ol uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

2004-nji ýylyň dekabr aýy – Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Annageldi Gummanow wezipesinden boşadyldy.

2005-nji ýyl – Türkmen telewideniýesinde we radiosynda aýdymçylara we sazandalara fonogramma ulanyp çykyş etmek gadagan edildi.

2005-nji ýylyň fewral aýy – Nyýazow paýtagt Aşgabatdan we welaýat merkezlerinden başga ýerlerdäki hassahanalary ýapmaly etdi.

2005-nji ýylyň maý aýy – Nyýazow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, wise-premýer Ýolly Gurbanmyradowy korrupsiýa aýyplamalary bilen wezipesinden boşatdy. Soňra ol uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

2005-nji ýylyň iýul aýy – Nyýazow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, wise-premýer Rejep Saparowy korrupsiýa aýyplamalary bilen wezipesinden boşatdy. Soňra ol uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

2006-njy ýylyň ýanwary – Türkmenistanda pensiýalaryň möçberi azaldyldy.

2006-njy ýylyň apreli – Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisini gurmak ylalaşygyna gol goýuldy.

2006-njy ýylyň 24-nji apreli – Türkmenistanyň Baş prokurory Gurbanbibi Atajanowa korrupsiýa aýyplamalary bilen wezipesinden boşadyldy. Soňra ol uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

2006-njy ýylyň 16-njy sentýabry – Žurnalist we aktiwist Ogulsapar Myradowa türmede gümürtik ýagdaýda aradan çykdy.

2006-njy ýylyň 21-nji dekabry – S.Nyýazow tarpa-taýyn aradan çykdy.

2006-njy ýylyň 22-nji dekabry – Türkmenistanyň Konstitusiýasy boýunça ýurduň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmeli Mejlisiň başlygy Öwezgeldi Ataýew türme tussaglygyna höküm edildi.

2007-nji ýylyň 14-nji fewraly – Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ikinji prezidenti diýlip yglan edildi.

2007-nji ýylyň 9-njy apreli – Türkmenistanyň Birleşen Demokratik Oppozisiýasynyň lideri Abdy Kulyýew Norwegiýada aradan çykdy.

2007-nji ýylyň maý aýy – Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Geldimuhammet Aşyrmuhammedow wezipesinden boşadyldy.

2008-nji ýylyň apreli – Türkmenistanda ýewropa kalendary boýunça ulanylýan aý atlary täzeden dikeldildi.

2008-nji ýyl – Prezident G.Berdimuhamedow S.Nyýazowyň permanyny ýatyryp, Türkmenistanda Opera we Balet teatryny gaýtadan dikeltdi.

2009-njy ýyl – Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyň suraty aýrylyp, ýüzünde türkmeniň geçmiş şahsyýetleriniň suratlary ýerleşdirilen milli pul – täze manatlar dolanyşyga girizildi.

2009-njy ýylyň aprel aýy - Türkmen gazyny Orsýete akdyrýan gazgeçirijide partlama boldy. Türkmenistan bu waka boýunça Orsýeti aýyplady, iki ýurduň arasynda dartgynlyk emele geldi.

2009-njy ýylyň dekabry – Hytaýa türkmen gazy akdyrylyp başlandy.

2010-njy ýylyň 14-nji maýy – Berdimuhamedow Daşoguz şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde köppartiýalyk jemgyýetçilik syýasy sistemasyny döretmäge wagtyň ýetendigini aýtdy.

2010-njy ýylyň iýul aýy – Berdimuhamedow hususy gazetleriň çap edilmegine rugsat berýändigini yglan etdi.

2010-njy ýylyň awgusty – Aşgabadyň merkezindäki Bitaraplyk binasy söküldi.

2010-njy ýylyň noýabr aýy – Türkmenistan ÝB tarapyndan goldanylýan "Nabukko" gaz proýektine gatnaşjakdygyny yglan etdi.

2011-nji ýylyň 29-njy marty – Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.

2011-nji ýylyň 9-njy maýy – Türkmenistanyň Saýlawlary we Referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýasyna 1990-njy ýyllardan bäri ýolbaşçylyk edip gelen Myrat Garryýew wezipesinden boşadyldy.

2011-nji ýylyň 7-nji iýuly – Abadan şäherindäki (ozalky Büzmeýin) harby ammarda güýçli partlama boldy. Häkimiýetler 15 adamynyň ölendigini boýun aldylar. Emma resmi däl çeşmeler ölenleriň sanynyň 100-den gowrak bolandygyny çakladylar.

2011-nji ýylyň 8-nji iýuly – Prezident Berdimuhamedow daşary ýurtlardaky oppozisiýany 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçjek prezidentlik saýlawlarynda bäsleşige çagyrdy.

2011-nji ýylyň 25-nji oktýabry – Prezident G.Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent ady aldy. S.Nyýazow öz döwründe bu ady 6 gezek alypdy.
XS
SM
MD
LG