Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB bergi krizisinden çykyş boýunça özara ylalaşdy


Uzak wagt dowam eden diskussiýalardan soň, 27-nji oktýabrda daňdan Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň wekilleri bergi krizisini çözmek meselesinde özara ylalaşdylar.

Bu maslahatdan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş eden Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi hususy inwestorlar Gresiýanyň bergisiniň ýarsyny geçmäge ylalaşanlaryndan soň, bu meselede öňegidişligiň gazanylandygyny mälim etdi.

Şeýle hem bu maslahatda Ýewropa Bileleşiginiň we Halkara pul gaznasynyň krediti hökmünde Afina ýene 100 millard ýewro bermek barada karara gelindi.

ÝB-e girýän ýurtlaryň wekilleri maliýe durnuklulygy boýunça Ýewropa fondundaky serişdeleri 400 milliarddan 1 trillion ýewro çenli köpeltmek barada hem özara ylalaşdylar.

Bu fonddaky serişdelerden maliýe kynçylygyny çekýän Ispaniýa hem Italiýa kömek ediljekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG