Penşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň başlygy Oliwýe Rasinany we “Bouygues Turkmen” kompaniýasynyň regional başlygy Mişel Oşeni kabul etdi.
Duşuşykda kompaniýanyň ýolbaşçylary täze proýektler, Aşgabatda amala aşyrýan gurluşyklary bilen türkmen prezidentini tanyşdyrdylar. Prezident gurluşyklary öz wagtynda tabşyrmalydygyny we olaryň ýokary hilli bolmalydygyny nygtady.
Berdimuhamedow kompaniýanyň hödürleýän kino-konsert toplumy, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetini giňeltmek boýunça proýektlere hem garady diýip, resmi metbugat ýazýar.
Şonuň ýaly-da, prezident Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň başlygy Erol Tabanjany kabul etdi. Tabanja öz kompaniýasyna ynanylan obýektlerdäki gurluşyklar barada gürrüň berdi.
Tabanja prezidente täze proýektleri hem teklip etdi. Olaryň arasynda Aşgabatda guruljak täze aeroport, Kongres merkezi, tehnoparklar boýunça proýektler hem bar diýip, resmi metbugat habar berdi.