Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HPG-niň başlygy Orsýetiň öz-özünden hoş bolmaly däldigini aýdýar


Halkara pul gaznasynyň başlygy Kristin Lagard Orsýetiň ýewro zonasyna girýän döwletleriň býudjet krizisi sebäpli öz-özünden razy bolmaly däldigini duýdurdy we Orsýetiň ykdysadyýeti içerki gowuşgynsyzlyklar zerarly entek ýeterlik berdaşlanyp bilenok diýdi.

Lagard HPG-e başlyk bolaly bäri Orsýete edýän birinji saparynyň dowamynda, prezident Dmitriý Medwedew bilen duşuşykdan soň, Orsýeti “aman galan” ýurt hökmünde suratlandyrdy.

Emma ol Orsýetiň öz maliýe ýagdaýyna üns bermelidigini, diňe energiýa eksportuna bil baglamaly däldigini aýdyp, rus ykdysadyýetiniň nebit-gaz eksportundan başga ugurlara hem ýaýbaňlandyrylmagyna mätäçdigini belledi.

Şeýle-de ol Orsýetde şu ýylyň ahyrynda geçiriljek parlament saýlawlary we 2012-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlary üçin aşa kän çykdajy edilmeli däldigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG