Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda Orsýetiň iki pilotyna 8,5 ýyl iş kesildi


Şu gün Täjigistanyň sudy Orsýetiň howa ýollar kompaniýasynyň iki sany pilotynyň her birini 8,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud Orsýetiň raýaty Wladimir Sadownihi we Estoniýanyň raýaty Alekseý Rudenkony Täjigistanyň serhetlerini bikanun bozmakda hem-de bikanun haryt gaçakçylygynda günäli tapdy. Bu baradaky sud diňlenişigi Täjigistanyň Korgan-Depe şäherinde geçirildi.

Bu pilotlaryň ikisem şu ýylyň mart aýynda aýry-aýry uçarlarda Owganystandan Orsýete barýarkalar Korgan-Depe şäheriniň aeroportunda gonjak bolanlarynda, Täjigistanyň häkimiýetleri olardan Owganystana dolanmaklygy talap edipdiler. Emma pilotlar uçarlara ýangyjyň zerurdygyny aýdyp, ýerli aeroporta gonupdylar.

Wakada uçarlaryň birinden hiç hili hasaba alynmadyk uçar dwigateli hem tapylypdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi bu günki çykarylan hökümi syýasy matlaply çäre hökmünde häsiýetlendirip, muny tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG