Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa yraklylaryň şikaýat arzalaryna täzeden garar


Sişenbe güni Britaniýanyň ýokary şikaýat sudy Yragyň raýatlaryndan 100-den gowragynyň britan esgerleriniň gynamalary we zorluklary bilen baglanyşykly eden arzalaryna täzeden garalmagy barada höküm çykardy.

Şikaýat sudy bu barada aşaky suduň ozalky çykaran kararyny ýatyrdy. Aşaky sud Yrakdaky britan harbylarynyň gözegçiligindäki tussaghanalarda amala aşyryldy diýilýän gynamalar bilen baglanyşykly derňew işleriniň geçirilmegini oňlamandy.

Emma Britaniýanyň ýokary şikaýat sudy bu baradaky şikaýatlar boýunça derňew işlerini geçirmek barada Goranmak ministrligine rekomendasiýa gönderdi.
XS
SM
MD
LG