Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB, ÝHHG belarusly aktiwiste çykarylan hökümi ýazgardy


Penşenbe güni Ýewropa Bileleşigi we ÝHHG guramasy ynsan hukuklaryny goraýjy belarusly belli aktiwist Ales Belýaskiniň türme tussaglygyna höküm edilmegini berk ýazgaryp çykyş etdiler.

Belarusyň sudy Ales Belýaskini salgyt galplyklarynda günäli tapyp, ony 4,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Belýaskiniň aklawçysy suduň bu hökümine garşy şikaýat bilen ýokary suda ýüz tutjakdygyny mälim etdi.

Ýewropa Bileleşigi Ales Belýaskä garşy çykarylan bu hökümi syýasy matlaba esaslanýan çäre diýip atlandyryp, muny tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG