Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň saglyk ministrine berk käýinç berildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri Gurbanmämmet Elýasowa “işdäki borçlaryny kanagatlanarsyz ýerine ýetireni hem-de zähmet düzgünlerini bozany” üçin berk käýinç yglan etdi.

Geçen agşam wideo-konferensiýa arkaly geçiren hökümet maslahatynda Berdimuhamedow saglygy saklaýyş pudagynda obýektleriň gurluşyk işleriniň gowşadylandygyny we täze gurulýan binalary tabşyrmakda wagtyndan gijä galynýandygyny bellemek bilen, öz närazylygyny bildirdi.

Ministr Gurbanmämmet Ylýasowa işde goýberen kemçiliklerini gysga möhletde düzetmedik ýagdaýynda eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy barada duýduryş berildi.
XS
SM
MD
LG