Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Gorbaçýow saýlawlar boýunça Orsýete basyş edýär


ABŞ we ozalky Sowet Soýuzynyň lideri Mihail Gorbaçýow Orsýetiň parlament saýlawlarynda düzgün bozmalaryň bolandygy baradaky beýanatlara garalmagyny talap edip, Orsýetiň häkimiýetlerine basyş edýänleriň sanawynda durýar.

ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň beýanatynda Orsýetde saýlawlaryň geçirilişine protest bildirilip, demonstrasiýa çykan ýüzlerçe adamyň tussag edilmegine çuňňur alada bildirliýär.

Komissiýa ors hökümetini demokratiýanyň prinsipleri boýunça we kanunyň hökmürowanlygyny amal etmekde öz borçlaryny ýerine ýetirmeklige, şeýle hem raýatlaryň demonstrasiýalar arkaly öz nägileliklerini bildirmäge bolan hukuklaryna hormat goýmaklyga çagyrýar.

Şol bir wagtyň özünde 20 ýyl mundan ozal dargan Sowet Soýuzynyň prezidenti Mihail Gorbaçýow “Interfaks” habar gullugyna saýlawlarda düzgün bozmalara ýol berlendigini aýdyp, täze saýlawlaryň geçirilmelidigini belledi.
XS
SM
MD
LG