Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haweliň ölümine dünýä liderleri çuňňur gynanç bildirdiler


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel çeh prezidenti Klausa ýüzlenmesinde öz ýurdunyň hem “beýik ýewropalynyň aradan çykanyna” ýas tutýandygyny aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle bolsa, Haweli “Çeh rewolýusiýasynyň kalby” diýip atlandyrdy we “demokratiýa hem azatlyk ugrunda beýik göreşiji” diýip öwdi. Ol Haweliň sowuk uruş netijesinde bölünen Ýewropany gaýtadan birikdirmekde oýnan roluny belläp, ony “Ýewropa Bileleşiginiň baýdak göterijisi” atlandyrdy.

Awstriýanyň prezidenti Heýnz Fişer Haweli “beýik ýewropaly, ýazyjy we gumanist” atlandyrsa, daşary işler ministri Maýkl Spindeleger ony “kadadan çykma bir adam, azdyryp bolmajak intellektual” diýip häsiýetlendirdi.

Kommunist režim Haweliň eserlerini gadagan edip, onuň özüni 5 ýyl türmede saklapdy.
XS
SM
MD
LG