Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň wise-prezidentini tussag etmäge rugsat berildi


Yrak häkimiýetleri wise-prezident Tarik al-Haşimi tussag etmäge rugsat berdi diýip, Yragyň howpsuzlyk güýçlerine we kanun goraýjy gurluşlarynyň ady tutulmadyk işgärlerine salgylanmak bilen, günbatar agentlikleri habar berýär.

Duşenbe güni Yragyň Ýokary sudy wise-prezidente daşary ýurtlara gitmegi gadagan edipdi.

Wise-prezidentiň üç janpenasynyň şenbe güni terrorizmde şübhe bildirilip, tussag edilendigini howpsuzlyk gullugynyň wekili general Kassym Atta habar berdi.

Bazar güni Yragyň hökümet başlygy Nury al-Maliki wise-premýer Saleh al-Mutlagy wezipeden çekilmäge çagyrdy. Ol hem Al-Haşemi ýaly hökümetde “Al-Irakiýa” sünni dünýewi bloga wekilçilik edýär.

Mundan öň Al-Haşemi we Al-Mutlak öz blogunyň premýer-ministriň tutuş häkimiýeti öz eline almagyna protest hökmünde parlament maslahatyny baýkot etjekdigini aýdypdy.

Amerikan goşunlarynyň Yrakdan çykan wagty bu ýurtda syýasy krizis çuňlaşýar.
XS
SM
MD
LG