Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Demirgazyk Koreýanyň haýyşyny ret etdi


ABŞ, Ýaponiýa we ençeme ýewropa döwletleri Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Iriň aradan çykmagy bilen bagly BMG-niň Baş Assambleýasynda bir minutlyk dymyşlygy baýkot etdiler.

Baýkota Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň köpüsiniň goşulandygyny “Frans-press” agentligi habar berdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki başlygy Naser Abd al-Aziz an-Nasr bir minutlyk dymyşlygyň Demirgazyk Koreýanyň haýyşy esasynda yglan edilendigini aýtdy.

Habar agentlikleriň maglumatyna görä, günbatar diplomatlary şol haýyşy “ýerliksiz” diýip atlandyrypdyrlar.

Bir minut dymmak bilen Kim Çen Iri hatyralamak baradaky Demirgazyk Koreýanyň haýyşy BMG-niň Baş Assambleýasynda ret edilipdir.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy bilen bagly onuň garşysyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň sanksiýasy hereket edýär.
XS
SM
MD
LG