Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda 100 müň adam kriketiň ozalky ýyldyzyny goldady


Pakistanyň günortasyndaky Karaçi şäherinde onlarça müň adam kriketiň ozalky ýyldyzy, soňra syýasata giren Imran Khany goldap ýöriş geçirdi.

59 ýaşly Khan syýasata mundan 15 ýyl ozal giripdi. Ol şonda “Pakistan Tehreek-e-Insaf” partiýasyny döredipdi. Ýöne Khan ýeterlik derejede sesleri alyp bilmän gelýärdi.

Ýöne ýagdaýlar oktýabr aýynda üýtgedi. Şonda Khan Lahore şäherinde 100 müň adamy ýörişe çykarmagy başarypdy.

Pakistanda nobatdaky milli saýlawlar 2013-nji ýylda geçirilmeli.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG