Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Yrak bilen giň harby hyzmatdaşlyga meýilli


Eýran Yrak bilen harby we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny artdyrmaga taýýar. Bu barada Eýranyň harby güýçleriniň başlygy general Hassan Firouzabadi aýtdy.

Şeýle-de Firouzabadi Amerikanyň we onuň ýaranlarynyň Yrakdan “çykmaga mejbur edilendigini” gutlady. Onuň sözlerine görä, bu “Yragyň halkynyň we hökümetiniň gaýraty” sebäpli amala aşypdyr.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “IRNA” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Friouzabadi bu barada özüniň yrakly kärdeşi general-leýtenant Babaker Zebariýe we Yragyň goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Saadun al-Dulaimiýä aýdypdyr.

Geçen aý Zabariniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Eýranda saparda bolupdy.
XS
SM
MD
LG