Şu gün Birleşen Ştatlaryň resmileri Müsüriň häkimiýetleriniň hökümete degişli bolmadyk graždan jemgyýeti guramalaryna garşy geçirýän reýdlerini togtatmaklyga söz berendiklerini mälim etdiler.
Anna güni bu mesele boýunça ABŞ-nyň goranmak sekretary Leon Panetta bilen ABŞ-nyň Müsürdäki ilçisi Ann Patterson Müsüriň ýokary derejeli resmileri bilen ýörite gepleşik geçirip, bu barada öz aladalaryny mälim etdiler.
Amerikan resmileri şol gepleşikde Müsüriň häkimiýetleriniň öz reýdlerini bes etmeklige hem-de guramalardan konfiskasiýa edilen emläkleri olara gaýtaryp bermeklige söz berendiklerini aýdýarlar.
Şu geçen hepdäniň penşenbe güni Müsüriň howpsuzlyk güýçleri bu ýurtdaky hökümete degişli bolmadyk birgiden guramalaryň ofisine reýd geçirip, olaryň emläklerini we dokumentlerini konfiskasiýa edipdiler.