Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwistleri žurnalistiň azat edilmegini talap etdiler


Penşenbe güni gazagystanly aktiwistler ýurduň günortasyndaky türmäniň töweregine ýygnandylar we žurnalist Ramazan Esergepowyň türmeden boşadylmagyny talap etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy habar berýär.

“Žurnalistler howpda” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň başlygy Rozlana Taukina, žurnalist Andreý Swiridow dagy Esergepowyň Taraz şäherindäki türmeden tizden-tiz boşadylmagyny talap etdiler.

Şeýle-de aktiwistler Gazagystanda türmä basylan žurnalistleriň atlary ýazylan şarlary asmana uçurdylar.

Taraz şäherindäki türmäniň ýolbaşçylary we ýurduň Baş prokuraturasy žurnalistiň anna güni irden türmeden boşadyljakdygyny habar berdi.

Garaşsyz “Alma Ata Info” atly hepdeligiň baş redaktory we ony esaslandyran Ramazan Esergepow 2009-njy ýylyň awgustynda türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol öz gazetinde bir telekeçi bilen ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň arasyndaky gatnaşyklar barada makala çap edipdi.

Esergepow we adam hukuklaryny goraýan guramalar suduň hökümini inkär edýärler we onuň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

Geçen ýyl Ramazan Esergepowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol türmeden çykandan soň adam hukuklaryny goraýan aktiwist hökmünde korrupsiýa garşy göreşmek isleýär.
XS
SM
MD
LG