Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guantanamo lageriniň açylmagyna 10 ýyl dolýar


Terroristdigi çak edilýän jenaýatçylary saklamak üçin açylan Guantanamo lagerine şu gün 10 ýyl dolýar. Bu lager Kubanyň ýanyndaky Amerikanyň harby deňiz bazasynda ýerleşýär.

Bu lager Amerikanyň ýolbaşçylygynda Owganystanda uruş başlandan soň ýurduň şol wagty prezidenti Jorj Buşuň karary bilen açyldy.

Lager “Al-Kaýdanyň”, “Talybanyň” we terrorist diýlip çaklanýan beýleki toparlaryň wekillerini saklamak üçin döredilipdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar Guantanamoda tussaglaryň saklanyş şertlerine alada bildirip, Birleşen Ştatlary tankytlapdylar.

2009-njy ýylda prezident Barak Obama lageriň 2010-njy ýylyň ýanwaryna çenli ýapyljakdygyny mälim edipdi. Emma Guantanamo heniz hem açyk.

“Roýter” habar agentliginiň maglumatyna görä, Guantanamoda häzir 171 tussag saklanýar.
XS
SM
MD
LG