Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maşgalalar maşgala lukmanlaryna mätäç


"Maşgala lukmanlarynyň sanynyň ýetmezçiligi sebäpli dürli problemalar ýüze çykýar. Olardan biri hem maşgala lukmanlarynyň näsaglary öz wagtynda kabul edip bilmeýänligi".
"Maşgala lukmanlarynyň sanynyň ýetmezçiligi sebäpli dürli problemalar ýüze çykýar. Olardan biri hem maşgala lukmanlarynyň näsaglary öz wagtynda kabul edip bilmeýänligi".
Maşgala lukmanlarynyň ýetmezçiligi soňky döwürlerde Aşgabatda kem-kem ýiti duýulyp başlady. Ilat sany bir million töweregi bolan we olaryň sany barha köpelýän ýurduň paýtagtynda maşgala lukmanlarynyň sany talaby ödemeýär.

“Eýýäm ýyl ýarym bäri biziň maşagala lukmanymyz ýok. Onuň deregine şepagat uýasy işleýär. Lukmanlyk iş ýüze çykanda, beýleki uçastoklara degişli bolan maşgala lukmanlaryna iberýärler. Ýöne köp halatlarda olaryň öz işleri ýetik, olary köplenç halatda iş ýerinde tapmak kyn” diýip, Aşgabadyň “Parahat” mikroraýonynyň ýaşaýjysy Maksat aýdýar.

Ýüze çykýan kösençlikler

Türkmenistanyň statistika baradaky Döwlet komitetiniň statistiki maglumatlaryna görä, 2010-njy ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça Aşgabat şäherinde maşgala lukmanlarynyň sany diňe 438 adam bolupdyr.

Aşgabatdaky eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýyş merkezi.
Aşgabatdaky eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýyş merkezi.
Maşgala lukmanlarynyň sanynyň ýetmezçiligi sebäpli dürli problemalar ýüze çykýar. Olardan biri hem maşgala lukmanlarynyň näsaglary öz wagtynda kabul edip bilmeýänligi.

Aşgabadyň “Parahat” mikroraýonynyň ýaşaýjysy Maksat bu ýagdaý barada şeýle diýdi: “Biziň ýaşaýan raýonymyza degişli 1-nji saglyk öýündäki maşgala lukmanynyň kabul etmegine ep-esli wagtlap nobata durmaly bolýar. Bu maşgala lukmanlarynyň ýetmezçilik edýänligi bilen bagly”.

Şeýle kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan diňe Maksat däl. Graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow hem 5-nji saglyk öýüniň “Bedew” ýaşaýyş massiwinde ýerleşýän filialynda maşgala lukmanlarynyň ýetmezçilik edýänligi sebäpli öz goňşusynyň kyn ýagdaýa düşendigini gürrüň berdi.

“Goňşym endekrinologyň hem hirurgyň hyzmatyna mätäç bolup, poliklinika gitdi. Ol ýerdäki degişli lukmanlar işden çykypdyrlar. Olaryň ýerine bolsa adam alynmandyr. Göňşyma öz maşgala wraçlaryna ýüz tutmagy maslahat beripdirler. Emma goňşymyzyň prezident çalşylany bäri maşgala wraçlary ýok. Asyl, poliklinikanyň filialynyň bolmaly 23 maşgala wraçyndan diňe 9-sy bar eken. Goňşyma zerur dermana resept ýazdyrmak üçin beýleki maşgala wraçlaryna ýüz tutaýmalydygyny aýdypdyrlar. Şeýle hem, bu filialda oňa bir ýerlerden wraç tapyp, getirip bilse, ony işe aljakdyklaryny hem duýdurypdyrlar” diýip, Nurberdi Nurmämmeow belledi.

Lukman ýetmezçiliginiň sebäpleri

Maşgala lukmanlarynyň ýetmezçiligi Aşgabadyň beýleki saglyk öýlerinde-de bar. 1-nji saglyk öýüniň adynyň agzalmagyny islemedik şepagat uýasynyň aýtmagyna görä, bu saglyk öýüne degişli uçastoklaryň 6-synda maşgala lukmany ýok.

“Medisina institutyny tamamlan ýaş lukmanlaryň köpüsi biznes, kommersiýa bilen meşgul bolýarlar. Şonuň üçin, lukmanlar az” diýip, bu şepagat uýasy gürrüň berdi.

Soňky döwürlerde maşgala lukmanynyň ýerine ýetirmeli işleri-de örän köpeldi. Saglyk öýlerine barýan näsaglar stolyň başynda bükülişip, medisina kartoçkalaryny dolduryp oturan maşgala lukmanlarynyň kabul etmeklerine ep-esli wagt garaşmaly bolýarlar.

Mundan başga-da, öňler maşgala lukmanlary öýlere aýlanyp, näsaglaryň halyndan habar tutup durardy. Lukman kömegine mätäçleriň çakylyklaryna hem maşgala lukmanlary barardy. Emma indi lukmanlaryň işleri başyndan agdyk bolany sebäpli, bu düzgüniň hem galyp barýandygyny Aşgabadyň “Parahat” mikroraýonynyň ýaşaýjysy Maksat belledi.

Lukmanlaryň sanynyň azalmagynyň sebäplerinden biri hem, olaryň bu wezipe bilen meşgullanmak islemeýänligi bilen bagly diýip Aşgabadyň 1-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy aýdýar.

“Maşgala lukmany bolup işlejek adamlar az, sebäbi jogapkärçilik uly. Maşgala lukmany maşgaladaky uly-kiçi adamlaryň ählisiniň gözegçiligine jogap bermeli. Bu bolsa maşgala lukmanynyň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Olara bölünip berilýän uçastoklardaky maşgalalaryň sany hem köp. Şonuň üçin, maşgala lukmanlaryna ýüklenýän ýüküň agramyna çydaman, işden çykýanlar az däl” diýip, 1-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy ýagdaýy düşündirýär.

Aşgabadyň käbir ýaşaýjylary ýurda käri boýunça lukmanyň ýolbaşçylyk edýän häzirki döwründe, bu pudaga aýratyn üns berilip, bu baradaky kynçylyklaryň aradan aýyrylmagy üçin çäre görmegine garaşýandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG